«Е-akyl» bilim platformasy
"E-Akyl" sanly bilim onlaýn platformasy, umumy ilatyň gatlaklarynyň işgärlerini uzak menizlden öwretmek we gaýtadan taýýarlamakdyr. Platformanyň maksady sanly tehnologiýalary ulanýan hünärmenleriň neslini taýýarlamak.
Sanly platforma hünär ugrukdyryş taslamalarynyň uzak menzilden görnüşini, çalt hünär okuwyny, ýokary okuwy, iň meşhur, täze we geljegi uly hünärlerde we başarnyklarda raýatlaryň ähli gatlaklaryny gaýtadan taýýarlamak üçin niýetlenendir. Mugallymlar we okuwçylaryň özara gatnaşygy üçin internetde maglumat platformasyny döretmek isleýäris; platformanyň üç dilde (rus, iňlis, türkmen) hödürlenmegine garaşylýar.
Iň oňat tejribe berýän mugallymlary häzirki zaman bilimlerine mätäçler bilen birleşdirip, "E-Akyl" platformasynyň innowasion tehnologiýalary bilim almaga we islendik amatly wagtda, dünýäniň islendik ýerinden amatly we täsirli paýlaşmaga kömek eder.